Türkmenistan we Owganystan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýarlar

4 – 6-njy mart aralygynda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirilýär. Çäreleriň dowamynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerine möhüm ähmiýet berildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň  gurluşygy ýurtlaryň arasyndaky energetika ulgamyna degişli esasy taslamalardyr. Bu iri energetika taslamalary owgan ykdysadyýetiniň ösmegine we möhüm durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine ýardam eder.
Geçirilen çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň wekilleri energetika we beýleki ulgamlary hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler.
Sergä söwda, gurluşyk, azyk senagaty, dokma önümçiligi, nebitgaz pudagy, oba hojalygy, ulag, lukmançylyk, ylym we bilim ýaly dürli pudaklara wekilçilik edýän 230-dan gowrak owgan kompaniýasy we firmasy gatnaşdy.
Sergi we maslahat ykdysady mümkinçilikler bilen tanyşdyrmak, göni aragatnaşygy ýola goýmak we türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: