Aşgabatda «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýelerine öýleriň açarlary gowşuryldy

Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan köp çagaly enelere ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, şu ýylda zenanlaryň ýüzlerçesine «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Köp çagaly eneleri sylaglamak dabarasy bilen bir hatarda, köp çagaly maşgalalar ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynda täze giň öýlerde jaý toýuny tutdular.

Dabarada Garaşsyz Türkmenistany ösdürmekde zenanlaryň eýeleýän aýratyn orny bellenildi. Dabara gatnaşyjylar türkmen gelin-gyzlarynyň bagtyýar durmuşy we zähmet çekmekleri babatda hemmetaraplaýyn goldawlary, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek hem-de jemgyýetde ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak ugrunda edýän aladalary üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdiler.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: