Türkmenistanyň Prezidenti Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Täze önümçilik desgasynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda milli ykdysadyýeti güýçli depginde senagatlaşdyrmagyň we importyň ornuny tutýan harytlary öndürmegiň çäklerinde möhüm waka boldy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde senagat pudagynyň möhüm ornuny belläp geçdi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary ornaşdyryldy.
Lebap sement zawodynyň giňelmegi gurluşyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrar we içerki bazary ýokary hilli sement bilen doly üpjün eder.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän dürli görnüşli önümleriň sergisi bilen hem tanyşdy. Bu ýerdeTürkmenistanyň Energetika ministrliginiň diwarlygy hem ýerleşdirilipdir.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: