Türkmenistanda Nowruz baýramy giň gerimde bellenilip geçildi

Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylady. Esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy diýip, TDH habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaralara gatnaşyjylara iberen Gutlagynda galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruzyň taryhy ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Nowruz baýramynda ýerine ýetirilýän joşgunly aýdym-sazlaryň agzybirligiň hem dost-doganlygyň owazyna öwrülip, hemişe belentden ýaňlanmagyny arzuw etdi.
Baýramçylyk mynasybetli dabaralara Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlary türkmen halkynyň baý medeniýetini özünde jemleýän teatrlaşdyrylan sahnalary, aýdymlary we tanslary ýerine ýetirdiler.
Ak öýler dikilip, türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy. Onda halk senetçiliginiň eserleri, haly önümleri, keşdeler we zergärçilik sungatynyň önümleri görkezildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlary görkezme çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli dabaralar ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi we olarda türkmen halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginliligi  öz beýanyny tapdy.
 

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: