Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe möhüm kanunlaryň taslamalaryna garamaga taýýarlanýar

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa parlamentiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Onuň dowamynda energiýany tygşytlamak, gidrometeorologiýa, halkara awtomobil gatnawlary, weterinariýa meseleleri bilen baglanyşykly kanunlara, Raýat iş ýörediş we Maşgala kodekslerine, Ýer hakynda bitewi kanuna üýtgetmeler girizmek boýunça kanunlaryň taslamalaryna garamak meýilleşdirilýär.
Bular dogrusynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi diýip, TDH habar berýär. Şeýle hem mejlisiň dowamynda milli hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň we hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara tejribeden ugur alyp, ýurduň kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: