Türkmenistanyň Energetika ministrligi 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde önüm öndürmek boýunça meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň Energetika ministrligi önüm öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny 114,4 göterim ýerine ýetirdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda hasabat berildi. Şunuň bilen birlikde, wise-premýer B.Annamämmedow ýanwar — mart aýlarynda gurluşyk-senagat toplumynda öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasynyň 121,8 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 102,7 göterim berjaý edildi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni (152,8%), Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi (115,1%) we Aşgabat şäheriniň häkimligi (113%) hem ýokary netijeleri görkezdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Annamämmedowa täze kärhanalary işe girizmek, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
 

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: