Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ruhy päklik, ýokary ahlaklylyk ýaly adamzadyň belent gymmatlyklarynyň ähmiýetini ündeýän bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, külli musulman dünýäsinde dostlugyň, özara goldaw bermegiň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine tüýs ýürekden ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, bu mukaddes baýram gününde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň adyndan gutlaglary kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hanym Emine Ärdogana mukaddes Gadyr gijesi we Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarynydyr gutlaglaryny iberendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň salamyny, bu mukaddes baýram mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny hem ýetirdi.

Dostlukly ýurduň Baştutany, öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmekde uly goşant bolandygyny nygtady hem-de Gahryman Arkadagymyzdan hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Prezidenti iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawlary esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de häzirki wagtda türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýakynda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde geçiren duşuşyklaryny we gepleşiklerini ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtady hem-de şanly ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adynyň dakylmagynyň özi üçin uly mertebedigini ýene-de bir gezek belledi.

Doganlyk ýurduň Baştutany hormatly Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini we Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, uzak möhletleýin strategik ýörelgeler esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki doganlyk halkyň diliniň, medeniýetiniň, ruhy taýdan umumylygynyň bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigi nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, tutan orazalarynyň, doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: