Maryda energiýanyň netijeli peýdalanylyşyny ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi

Mary şäherinde elektrik energetikasy pudagynda energiýadan netijeli peýdalanmak boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda halkara tejribesini öwrenmek üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünärmenleri, Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyplary, institutyň ýanyndaky «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň bilermenleri, şeýle hem BMGÖM-niň Türkmenistanda durnukly şäherler taslamasynyň halkara geňeşçileri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda energiýadan netijeli peýdalanylmagyny üpjün edýän innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny ösdürmek boýunça synag taslamalarynyň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Bu iş Energetika ministrliginiň, TDEI-niň we BMGÖM taslamasynyň hünärmenleri bilen bilelikde alnyp baryldy.
Mundan başga-da, okuw maslahatyna gatnaşyjylar «Durnukly şäherler» taslamasynyň energiýadan netijeli peýdalanmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri baradaky hukuk namalaryny işläp düzmek ugrundaky işleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energetika we energiýany tygşytlamak pudagynda TDEI bilen BMGÖM taslamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
 

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: